Makala ýazyp başladym

Salam mähriban adamlar. Bu gün men köp wagtlaryň dowamynda başlap bilmedik işime başladym. Meniň hiç haçan makala ýa-da başga bir eser ýazmaga üýtgeşik ukybym ýokdy, onda näme üçin başlamaly diýen netijä geldiňiz diýip sorasaňyz, Bu soragyň jogaby gysga däl. Meniň ilkinji şu makalamda bu soraga jogap bermäge synanyşaryn.

Makala ýazmak, başgaça aýdanyňda Blogging - adama öz pikirlerini doly aňlatmana mümkinçilik berýär. Käte bir adama bir zady düşündireniňde, pikirleriňi dogry beýan etmek örän kyn, aýratynam tehniki temalarda.

Siz şolar ýaly ýagdaýda bolup gordüňizmi ?

Men özümden gowy mugallym çykar diýip pikir edemok. Käte ýönekeý zatlary düşündirmekde kynçylyk çekýärin. Men bu ýagdaýy meniň gelejegim üçin hökman üýtgetmeli diýip özüme maksat edindim. Pikirlerimi söz bilen aýtmazdan öň, olary gowy jemläp özüme "Nädip şu maglumaty gysga we manyly görnüşde aýdyp bolýar" diýip sorag bermäge başladym. Makala ýazmak maňa ýokarda aýdylanlary ýerine ýetirmekde uly kömek edýär.

Makala ýazmak size pikirleriňizi aňsat beýan etmegi öwredýär.

Näçe kän ýazdygyňyzça şonça-da gowy söhbetdeş ýa-da gürleýji bolarsyn.

Makala ýazmak siziň işiňiziň gidişini ölçemäge, tahyryny saklamaga we gerek bolanda şol taryha seredip gerekli maglumatlary almaga kömek edýär.

Men Arslan, 25 ýaşymda. Wezipäm Programma inženeri, Bloger, Youtuber. Size gelejekde peýdaly we gyzykly bolup biljek "Maglumat Tehnologiýalary" temalaryna degişli makalalary we wideo ýazgylary taýarlaryn.